Arhiw

Türkmenistanda «BMG — Zenanlar» sebitara geňeşmeler geçirilýär

22:1515.02.2022
0
3503

Şu gün Aşgabatda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre Türkmenistan hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin «BMG — Zenanlar» düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan geçen ýylda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Bu duşuşygyň maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna 66-njy mejlisiň geňeşmelerine taýýarlyk görmekde goldaw bermek hem-de howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi hem-de tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda ýagdaýy düýbünden üýtgedýän hereketler boýunça tejribe alyşmak, maslahat bermek, şeýle-de onuň geljegine bolan sebit garaýyşlaryny kemala getirmek üçin bilelikde esasy umumy pikirleri ylalaşmakdan ybaratdyr.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşmelere milli Parlamentleriň wekilleri, gender meseleleri boýunça bilermenler, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň milli utgaşdyryjylary, ylmy-barlag we seljeriş merkezleriniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy guramasynyň, Merkezi Aziýa üçin Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça merkeziniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Şu ýyl komissiýanyň 66-njy mejlisiniň mowzugy «Howanyň üýtgemegi, syýasat hem-de daşky gurşawy goramak we betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak ulgamynda maksatnamalar bilen baglylykda, gender deňligini gazanmak hem-de ähli zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» bolar.

Iki mejlisiň dowamynda howanyň üýtgemegi we munuň sebitde zenanlaryň ýagdaýyna täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tejribe alşyldy, howanyň, daşky gurşawyň üýtgemegi, betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda hereketler boýunça maslahatlar işlenip taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň