Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Agrar partiýa Agajan Bekmyradowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi

21:5715.02.2022
0
15103

Şu gün Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesine laýyklykda, partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hödürlenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurultaýda Agrar partiýadan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde dalaşgärlige hödürlenildi. Gurultaýyň agzalary tarapyndan bir agyzdan ony iň ýokary döwlet wezipesine hödürlemek baradaky çözgüt kabul edildi.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-gurluşykçy hünärini boýunça tamamlady. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap geňeşinde, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesinde işledi we 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär. A.Bekmyradow ussat hojalykçy bolmak bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, halkyň döreden milli gymmatlyklarynyň ähmiýetine düşünýän we öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşýän adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.

«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, 14-nji fewralda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi. Dalaşgär şu gün Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary tarapyndan bellige alyndy, şeýle hem oňa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek bellenildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň