Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

22:2714.02.2022
0
7603

14-nji fewralda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda 2021-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Dänew etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

«Türkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, bäsleşigiň netijeleri 11-nji fewralda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen maglumatlar bilen tanşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly desgalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi.

Dabaranyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dänew etrabynyň zähmetkeşlerine we iberen Gutlagy okaldy.

Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyny bellediler. Ýygnananlar döwlet Baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, welaýatyň teatrynyň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly sahna oýunlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň