Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär

10:5814.02.2022
0
21562

«Türkmenportal» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi we etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy göwünleri galkyndyrdy.

Geçen ýyllaryň dowamynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler barada «Türkmenistan» gazetiniň ýerli habarçysy gazetiň şu günki sanynda öz makalasy bilen çykyş etdi. Biz hem Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada makalada beýan edilýän maglumatlary saýtymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Täze oba täze döwürde

Ýerli ýaşulularyň berýän gürrüňlerine görä, «Dänew» sözi «täze oba» diýen manyny aňladýan eken. Taryhyň belli bir döwürlerinde bu sebitleriň ilaty 7-8 müň adamdan geçmändir. Häzir bolsa ýurdumyzyň gündogar sebitindäki iň iri etraplaryň birine öwrülen Dänewiň ilatynyň sany 150 müňden geçýär.

Dänewe etrap derejesi 1925-nji ýylda berilýär. Şondan iki ýyl soňra bolsa ol Çärjew okrugyna birikdirilýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, etrap derejesi ýene bir gezek tassyklanan Dänew 2001-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli Galkynyş etraby diýlip atlandyryldy. Mundan bäş ýyl ozal bolsa düzümine Garaşsyzlyk etraby bilen Seýdi şäheri hem birikdirilip, ol diňe bir gündogar sebitde däl, tutuş ýurdumyzda iň uly etraplaryň birine öwrüldi.

Soňky ýyllarda Dänew etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdeplerdir sport mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleridir öýleriniň, medeni ojaklaryň we beýleki täze binalaryň ençemesi guruldy. Bulardan başga-da, 2013-nji ýylyň 15-nji fewralynda Amyderýanyň üstünden geçýän Seýdi — Farap awtomobil köprüsi gurlup, ulanylmaga berildi. Onuň uzynlygy 1400 metre, iki hatarly gatnaw ýolunyň umumy ini 10,5 metre, awtoulag gatnaýan ugrunyň ini 8,3 metre, şeýle hem her tarapyndan geçýän ýanýodalarynyň ini 1,1 metre ýetýär.

2014-nji ýylyň fewralynda etrabyň Seýdi şäherinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, döwrebap pagta egriji fabrik işe girizildi. Bu ýerde häzirki wagtda ýaşlaryň 165-si zähmet çekýär.

Döwlet Baştutanynyň ýörite Karary esasynda bu etrapda kuwwatly elewator hem guruldy, ol 50 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenendir. Dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan bu elewatoryň tohumçylyk işiniň kämilleşmeginde, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmekde hyzmaty uludyr.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody diňe bir Lebap welaýatynda däl, tutuş ýurt boýunça milli ykdysadyýete goşandy uly kärhanalaryň biridir. Çig malyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde zawodda 2021-nji ýylda 220 müň 83 tonna benzin, 135 müň 95 tonna dizel ýangyjy, 22,5 müň tonna mazut, 34 müň 991 tonnadan gowrak ýol bitumy, Ýewropa bazarlarynda uly islegden peýdalanýan agyr wakuum gazoýlyň 41 müň 848 tonnasy we isleg bildirilýän beýleki önümler öndürildi. Önümleriň aglaba bölegi eksporta iberilýär.

Ýylyň iň göreldeli etrabynda iri gurluşyk kärhanalarynyň hem birnäçesi işleýär. Şolaryň biri «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestidir. Bu kärhana boýunça geçen ýyl ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň umumy möçberi 185 million 815 müň 160 manada barabar boldy.

Milli ykdysadyýetiň senagat pudagy boýunça ösüşlere dänewli hususyýetçileriň hem goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi öz işlerini şu etrapda alyp barýan hususy taraplardan şu ýylyň ilkinji aýynda «Arassa kenar» hususy kärhanasynyň 160 tonna suwag serişdesini öndürip, alyjylara hödürländigini habar berdi. Senagat önümlerini öndürmek işine «Belent dowam» hususy kärhanasy, telekeçi Şeýdaý Sadykowa hem goşant goşýar.

Ene toprak eçilýär

Ösüşler barada aýdylanda, oba hojalygy göz öňüňe gelýär. Şonuň üçinem Dänew etrabynda geçen ýyl oba hojalyk pudagy boýunça ýetilen sepgitleri agzamak ýerliklidir.

Geçen ýyl etrapda meýilleşdirilen 50 müň 700 tonnanyň deregine 51 müň 893 tonna pagta hasyly tabşyryldy. Şu ýyl hem 18 müň 700 gektar ýerden 50 müň 700 tonnadan gowrak «ak altyn» hasylyny almak meýilleşdirilýär. Etrabyň gallaçylary geçen ýylyň bugdaý oragynda 49 müň tonnadan hem geçirip hasyl aldylar. Olar häzirki wagtda 18700 gektar meýdanda ekilen güýzlük bugdaýyň idegini ýetirýärler. Azyklyk ekinleriň esasylarynyň biri saýylýan şalydan 2021-nji ýylda 10700 tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläniň-de her ýyl 120 — 125 tonnasy kümüş çäje goşant edilýär. Geçen ýyl bu görkeziji has artyp, 142,1 tonna barabar boldy. Ilatyň bereketli saçagyny bezeýän gök, miwe we bakja önümleriniň öndürilişi-de ýylsaýyn artýar.

Oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek işine hususyýetçiler hem mynasyp goşant goşýarlar. Etrapda oba hojalyk önümlerini öndüriji hususyýetçileriň arasynda telekeçiler Geldimyrat Kurbanowy, Ýagşymyrat Mirzaýewi, Myrat Rustamowy, Hesen Şaýlyýewi, «Bereketli jaý» hususy kärhanasyny, «Bagtyýarlyk şemaly» daýhan hojalygyny görkezmek bolar.

Bulardan başga-da, etrabyň hususyýetçilerinden «Medetkär», «Gaýratly ogullar» daýhan hojalyklary, «Çeper» hususy kärhanasy, telekeçiler Jemşit Demirow, Jumamyrat Jümmiýew, Sultan Genjiýew, Sünnet Hudaýgulyýew, Suhrab Allakulyýew, Kamiljan Dilekow dagy et-süýt önümleriniň önümçiliginde, telekeçi Bagtyýar Açylow guşçulykda, şol sanda ýumurtga öndürmekde, telekeçi Rozymyrat Töräýew, «Mertebeli maksat» hususy kärhanasy çörek önümleri boýunça, telekeçi Ogulaý Taýyrowa konditer önümlerini taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Ajap zamananyň ganatynda

Etrapda bilim we terbiýeçilik işine-de aýratyn uly üns berilýär. Häzirki wagtda Dänew etrabynda orta mekdepleriň 44-si, çagalar baglarynyň 31-si hereket edýär.

Etrabyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri dürli bäsleşikleriň welaýat we döwlet tapgyrlarynda üstünlikli çykyş etdiler. Etrapdaky 30-njy çagalar bagyndan Gülbahar Jumadurdyýewa bilen Gülüstan Artykowa «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 2021-nji ýylda öňdäki orunlary eýelediler.

Dänewli okuwçylaryň taýýarlan robot tehnikasy boýunça taslamasy geçen ýyl «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda iň gowy işleriň biri hökmünde saýlanyldy. Şu etrapdan mekdep okuwçysy Aýlar Ahmedowa bolsa geçen okuw ýylynda himiýadan bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi boldy. 2021-nji ýylda etrapdaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Selbi Ruslanowa informatika boýunça Bütinrussiýa açyk bäsleşiginde we fizikadan açyk wiktorinada birinji derejeli diplom bilen sylaglanyldy.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Jennet Jumagulyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çägindäki «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak barada edilýän aladalaryň miwesini Dänew etrabynda hem görmek bolýar. Häzir etrapda iri hassahanalaryň üçüsinden başga-da, saglyk merkezleriniň 22-si, oba saglyk öýleriniň 2-si we 46 sany maşgala çägi hereket edýär. Geçen ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Lebap welaýatyndaky çagalar saglyk merkezlerine berlen döwrebap «Tiz kömek» ulaglarynyň ikisi Dänew etrabynyň ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. Olaryň biri etrap, ikinjisi Seýdi şäher hassahanasynyň çagalar bölümine berkidildi.

Häzirki wagtda etrapda medeniýet öýleriniň 19-sy, 3 sany çagalar sungat mekdebi we 3 sany kitaphana bar. Etrapda 4 sany medeniýet öýi Oba milli maksatnamasynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berildi.

Dänew etrabynda meşhur medeniýet we sungat işgärleriniň birnäçesi ýetişdi. Etrabyň ýaş aýdymçylarynyň birnäçesi bolsa dürli ýyllarda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň we beýleki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri boldular.

Geçen ýyl etrapda sportuň dürli görnüşleri boýunça açyk ýaryşlaryň dördüsi geçirildi. Dänewli türgenler welaýat ýaryşlarynyň 18-sine gatnaşyp, olarda 54 gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Bulardan daşgary, etrabyň türgenleri geçen ýyl stol tennisi we ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler.

Geçen ýyl agyr atletika boýunça Aziýanyň we dünýäniň çempionatynda üstünlikli çykyş eden Seýitjan Mirzaýew şu etrapda önüp-ösen we sport mekdeplerinden uçurym bolan türgendir. 2021-nji ýylda Daşkent şäherinde geçirilen sambo boýunça Aziýanyň çempionatynda dänewli türgen Babajan Ibadullaýew kümüş medala mynasyp boldy.

Dänew etrabyndan ýetişen agyr atletikaçylaryň we küştçüleriň halkara ýaryşlarda has gowy çykyş edýändiklerini aýratyn nygtamak gerek. Seýitjan Mirzaýewden başga-da, Aly Babamyradow agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempionydyr. Şeýle hem ol halkara ýaryşlaryň medallaryna mynasyp boldy.

Şu etrapdan ýaş küştçi Şageldi Gurbandurdyýewiň heniz 7 hem ýaşamanka, dünýäniň çempiony bolandygyny hem ýatlamaly. Ol bu üstünligi Gruziýanyň Batumi şäherinde gazanan bolsa, küştçi Lala Şöhradowa Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatyndan altyn medally gaýdyp geldi.
* * *
Indi Dänew hem Şa serpaýly etraplarymyzyň biri. Geçen ýyl Farap etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen «Merjen däneler» atly çagalar dynç alyş seýilgähi bu etrabyň 2016-njy ýylda gazanan üstünlikleri üçin berlen baýragyň hasabyna gurlupdy. Dänew etrabynda hem Şa serpaýyny şeýle haýyrly işe gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şu günki ýetilýän sepgitler geljegimiz üçin hem nusgalykdyr. Şol bir wagtyň özünde-de, olar geljegiň bagtyýarlygyny kepillendirýär. Bildirilen belent hormat, berlen Şa serpaýy üçin etrabyň bagtyýar ilaty Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň