Türkmenistanyň geçen ýyl Gruziýa eksport eden nebit önümleri 190 million dollardan geçdi

10:3014.02.2022
0
10233

2021-nji ýylda türkmen nebitiniň we nebit önümleriniň Gruziýa eksporty 191,8 million dollar boldy, bu bolsa 2020-nji ýyldaka garanda 186,2% köpdür diýip, «Trend» Gruziýanyň Milli statistika gullugyna salgylanýar.

Gruziýany nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmek mukdar taýdan hem 103,1% ýokarlandy — 149,711-den 304,193 tonna çenli artdy. Şeýlelikde, Türkmenistan 2021-nji ýylda bu ýurda nebit we nebit önümleriniň esasy eksportçysy boldy. Ikinji orunda Russiýa (134,6 million dollar), üçünji orunda Rumyniýa (133,7 million dollar).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň