Soňky habarlar

Arhiw

Pekin Olimpiadasynyň hokkeý ýaryşynda pleý-offlar başlanýar

23:5013.02.2022
0
7363

Pekinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň hokkeý ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna çykan ýygyndylar belli bolýar.

Öz toparçasynda birinji orny eýelän ruslar çärýek finalda Daniýa ― Latwiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Şwesiýanyň ýygyndysy Kanada ― Hytaý, finlandiýalylar bolsa Çehiýa ― Şweýsariýa duşuşygynyň ýeňijisine garaşýarlar. ABŞ-ly hokkeýçiler Slowakiýa ― Germaniýa jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.

Çärýek final duşuşyklary 16-njy, ýarym finallar 18-nji fewralda geçiriler. Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi 19-njy, çempiony bilen kümüş medalçysy bolsa 20-nji fewralda belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň