Türkmenistanda 8-16 ýaşly ýetginjeklere golf oýnamak tölegsiz esasda öwredilýär

16:0212.02.2022
0
4547

Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň hünärmenleri ýaşlary sportuň golf görnüşine çekmek maksady bilen, 8-16 ýaşly ýetginjeklere tölegsiz esasda golf oýnamagyň inçe syrlaryny öwredýärler. Bu barada Golf klubunyň direktory hem-de Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň prezidentiniň orunbasary Perhat Berkeliýew «Türkmen sporty» gazetinde beren interwýusynda belläp geçdi.

— 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri golf oýnuna höwesli ýaşlara sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny öwretmekde birnäçe işler amal edilýär. «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti bize 8-16 ýaşly ýetginjeklere golf sportuny tölegsiz esasda öwretmekde uly ýardam berýär.

2021-nji ýylyň dekabr aýynyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Golf federasiýasy Halkara Golf federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda Maksat Begiýew, Kiril Nazarow we beýleki tälimçilerimiz ýaşlar bilen türgenleşik geçýärler. Olar meýdandaky türgenleşikleri ýörite trenažýor zallaryndaky taýýarlyklar bilen utgaşdyrýarlar. Çünki golf oýnamak üçin ýokary fiziki taýýarlyk zerur, galyberse-de, esasy türgenleşikleriň öňüsyrasynda ylgamak ýa-da ýörite maşklar arkaly penjeleriňi taplamak hem diýseň möhüm.

Ýeri gelende bellesek, gyş aýlarynda howanyň sowuk bolýandygy sebäpli, ýylyň şol möwsüminde türgenler bilen alyp barýan işlerimizi ýapyk zalda fiziki türgenleşikler bilen dowam etdirip, Golf klubunda döredilen ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň