Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Finlandiýanyň täze ilçisi işläp başlar

11:2812.02.2022
0
4623

Prezident Sauli Niinistýo Ilkka Raisaneni Finlandiýanyň Türkmenistandaky we Özbegistandaky baş ilçisi wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda habar berildi.

Raisanen diplomatik işine 1992-nji ýylda başlady, ykdysadyýet we iş dolandyryşy boýunça bakalawr derejesini aldy. Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenmezinden ozal ol Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça uly geňeşçisi bolup işledi.

Raisaneniň täze wezipesine 14-nji fewralda başlajakdygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň