Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyna 15 ýyl doldy

18:4611.02.2022
0
4277
Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyna 15 ýyl doldy
Surat: Türkmenistan: Altyn asyr

11-nji fewralda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyna 15 ýyl doldy. Bu sene mynasybetli şu gün Türkmenistanda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ähli diplomatlaryň we egindeşleriniň adyndan türkmen Liderini gutlady.

Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda ählihalk demokratik saýlawlary geçirilip, onuň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine – Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyldy.

2012-nji we 2017-nji ýyllarda Prezident saýlawlary geçirilip, sesleriň köplügi we halkyň biragyzdan ses bermegi arkaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine mynasyp görüldi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan 15 ýylyň dowamynda ykdysady taýdan kuwwatlanyp, halkara giňişliginde ýokary abraýa mynasyp boldy. Durmuşyň ähli ugurlary we halkyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli ýokarlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň