Berdimuhamedow koronawirus ýokuşan Wladimir Žirinowskä hat iberdi

21:3410.02.2022
0
9424

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä hat iberip, onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi hem-de hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

– Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen häzirki wagtda Siz bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriňiz Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Siziň «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolandygyňyzy we biziň öňden gelýän dostumyzdygyňyzy bellemek meniň üçin ýakymlydyr.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä ýarawsyzlyk bilen bagly günlerinde ähli türkmen halkynyň adyndan tiz wagtda sagalmagyny we uzak ýyllary nazarlaýan berk jan saglygyny arzuw etdi.

Belläp geçsek, Wladimir Žirinowskiý 2017-nji ýylyň aprel aýynda Mejlisiň Başlygynyň çakylygy boýunça Türkmenistanda saparda boldy. Saparynyň çäklerinde russiýaly syýasatçy türkmen Lideri tarapyndan kabul edilip, taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça giňeltmek, parlamentara we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şol saparynyň dowamynda russiýaly syýasatça «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak dabarasy hem geçirildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň