Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi bank «Türkmennebit» döwlet konsernine hem 250 million manatdan gowrak maýa goýum serişdesini goýberer

21:2908.02.2022
1
14817

Şu gün geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berip, «Türkmennebit» döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynda mundan beýläk-de oňat netijeli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirip, uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýer Ş.Abdyrahmanowa iberdi.

Resminama laýyklykda, Merkezi banka “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmennebit” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň