Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «D» ygtyýarly lisenziýany almak boýunça tälimçilik okuwy geçiriler

12:2608.02.2022
0
5455

2022-nji ýylyň 20-24-nji fewral aralygynda Aşgabatda AFK-nyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda «D» ygtyýarly lisenziýany almak ugrunda tälimçilik okuwy geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Nobatdaky guralýan okuwyň gözükdirijisi hökmünde AFK-nyň hem-de TFF-niň gözükdirijisi Röwşen Muhadow çykyş eder.

Okuwyň nazaryýetdir tejribe sapaklaryna bölünip geçirilýändigini bellemek gerek.

Geçiriljek okuwyň soňunda gatnaşyjylar ýörite synaglary tabşyrarlar. Synaglardan üstünlikli geçen diňleýjiler soňlugynda «C» ygtyýarly lisenziýany almak ugrunda geçiriljek tälimçilik okuwyna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň