Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň iň uly ýaşly ýaşaýjysynyň 103 yaşy doldy

23:3407.02.2022
0
16582

Türkmen paýtagtynyň iň garry ýaşaýjysy Mihail Haçaturow ýakynda 103 ýaşady.

Mihail Mihailowiçiň başdan geçiren kynçylyklarynyň iki ömre ýeterlikdigine garamazdan, onuň durmuşa bolan söýgüsi çäksiz.

Mihail Haçaturowyň Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanyşykly ömri we ykbaly bar. Onuň maşgalasy 1940-njy ýylda Aşgabat şäherine göçüp geldi. 1942-nji ýylda Mihail Mihailowiç fronta gitdi. Ol I we II ukrain frontlarynda edermenlik görkezip, Ukrainany we Polşany azat etmek ugrundaky söweşlere gatnaşdy.

Uruş tamamlanandan soňra paýtagtyň gidromeliorasiýa tehniki mekdebinde sapak berdi.

Garagum derýasynyň gurluşygyna gatnaşmagy Mihail Mihailowiçiň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup galdy.

Galybersede, M.Haçaturowyň 103 ýaşda bolmagyna garamazdan, ol internetden aýdym-saz ýa-da gyzykly maglumatlary tapyp, erkin ulanyp bilýändigi bellärliklidir. Pensioner uzak ýaşamagyň aýratyn bir syry bardyr öýdenok. Uzak ömrüniň dowamlylygy bolsa onuň gowy, gyzykly durmuş we halaýan işiniň täsiri diýip hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň