Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýranyň gazananlaryna bagyşlanan surat sergisi geçiriler

21:5401.02.2022
0
8034

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde çeperçilik eserleriniň sergisi açylar. Ol Eýranda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 43 ýyllygyna bagyşlanýar. Sergide Eýranyň gazananlaryny beýan edýän surat eserleri görkeziler.

«Eýran baý medeni mirasa eýe, ösen binagärlik, senagat, lukmançylyk, kitapşynaslyk, sungatdyr senetçilik döwleti. Taslamamyzyň maksady, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Eýranyň ylmy we tehnologiki üstünlikleriniň güýjüni we mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini görkezmek» diýip, çäräniň guramaçylary aýdýarlar.

Sergi 2022-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň