Arhiw

«Sumbar Computer» dükany öňdebaryjy önüm öndürijilerden dürli görnüşli göçüriji enjamlary hödürleýär

15:1801.02.2022
0
4953

Kompýuter enjamlary we periferiýa esbaplary dükany bolan «Sumbar Computer» dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden dürli görnüşli, köpsanly göçüriji enjamlary hödürleýär.

«Sumbar Computer» dükanyndaky «Canon», «HP», «Epson» haryt nyşanly lazer we inkjet printerleri, «Canon» haryt nyşanly göçüriji enjamlary we «HP», «Epson» haryt nyşanly skanerleri, şeýle hem olar üçin sarp edilýän zatlar alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu enjamlaryň görnüşleri barada Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 99-njy binasynda ýerleşýän «Sumbar Computer» dükanyna baryp ýa-da web sahypasyna girip has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.

«Sumbar Computer» dükanyndan satyn alan harytlaryňyzy öýüňize ýa-da ofisiňize eltmek üçin, eltip berme hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz. Aşgabadyň içinde sargyt edilen harytlar görkezilen salga 24 sagadyň dowamynda gowşurylar. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan sargyt edilen harytlar bolsa, poçta bilen iberiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň