Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azmunyň terjimeçisi: «Serdar Berdiýewi ikinji kakasy hasaplaýar»

21:3331.01.2022
0
8654

Serdar Azmunuň terjimeçisi Bako Roçow onuň Gurban Berdiýew bilen gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

«Zenitiň» işgäri Azmunuň Gurban Berdiýewi ikinji kakasy hasaplaýandygy barada aýtdy:

― Serdaryň «Rubindäki» ilkinji günlerinde Gurban Berdiýew onuň aslynyň türkmendigini bilmeýärdi. Ilkinji duşuşyklarynyň birinde Berdiýew Serdaryň kakasy bilen söhbetdeş boldy. Ol pars dilinde gürleýärdi, menem terjime edýärdim. Söhbetdeşligiň ahyrynda Azmunyň kakasy türkmen dilinde bir zat aýtdy. Berdýew aljyrady. Şeýle-de bolsa, Serdaryň gelip çykyşy Berdiýew bilen gatnaşyklarynda möhüm orny eýeländir öýdemok. Ýöne tälimçi Serdary ilkinji türgenleşiklerden ganatynyň aşagyna aldy. Onuň bilen yzygiderli gürleşýärdi, düşündirýärdi. Olaryň arasy örän gowudy.

Eýranly futbolçyny Russiýa getireniň Gurban Berdiýewdigini ýatdan çykarmaly däl. Azmun Berdiýew ýaly gelip çykyşy boýunça türkmen. Serdar türkmen dilini çagalykdan bäri gowy bilýär, şonuň üçin hem Gurban Berdiýew bilen örän gowy düşünişdi. Futbolçynyň önüp-ösen ýeri bolan Gülüstan welaýatyndan ulagly dört sagat ýörseň, Türkmenistan bilen serhete baryp bolýar. Azmun Berdiýewi futboldaky kakasy hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň