Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Teatr» atly köp bölümden ybarat telefilm surata düşürilýär

17:5031.01.2022
0
6750

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde «Teatr» atly köp bölümden ybarat telefilm surata düşürilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Sungat maşgalasynyň wekili bolan, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran Döwletgeldiniň ady indi köpler üçin tanyş bolsa gerek. Çünki, ol indi birnäçe ýyl bäri teleýaýlymlarda surata düşürilýän filmlerde, şeýle-de teatr sahnasynda goýulýan sahna eserlerinde yzygiderli çykyş edip, özüne ynanylan keşbi üstünlikli ýerine ýetirip, halkyň söýgüsine, alkyşyna mynasyp bolup gelýär.

«Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň halk artisti, «Galkan kaka» ady bilen halk köpçüliginiň anyňda galmagy başaran halypa artist Çary Berdiýew öz ogly Döwletgeldiniň sungat äleminde kämilleşmeginde oňa halypalyk maslahatyny berdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilýän «Teatr» atly köp bölümli filmde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahna ussatlary — Türkmenistanyň halk artistleri Öwez Gelenow, Halbike Dowyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarow bilen birlikde ýaş artistler hem çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň