Nurmuhammet Andalyp adyndaky Daşoguz döwlet sazly-drama teatrynda ýapon dramaturgy Kinoşit Dzýunziniň «Durna umydy» atly oýny sahnalaşdyryldy.
Oýunda hyýaly saz we yşyk täsiri köp. Sahnadaky aktýorlar sazlaşykly etýudlary we pantomimany ýerine ýetirýärler. Oýnuň edebi esasy hökmünde türkmen awtory Anna Meläýewiň terjimesi kabul edildi.
«Durna umydy» oýny garyp daýhanyň gelni hakda gürrüň berýär. Sada kalply ýigit ýaraly durnany halas edeninden soň, durna zenana öwrülýär. Minnetdarlygyň alamaty hökmünde gyz oňa öz perinden ajaýyp bir mytgal dokap berýär, adamsy bolsa ony bazarda satýar. Içigara goňşular onuň ýene-de mytgal dokamagyny haýyş etmäge ýigidi yrýarlar.
Bir gün ýigit “Işleýän wagty, gelnine seretmeli däl” diýlen gadaganlygy bozýar. Bozlan kasam betbagtçylyga eltýär we durna ony hemişelik terk edýär.
– Biz bu oýny ýaşlar üçin goýduk – diýip, režissýor Guwanç Baýmedow gürrüň berýär – Ertekidäki söýgi, dostluk, ynanyşmak hakyndaky filosofik temalar öwüt berijidir. Baş gahryman, bagty elinde bolsa-da, ony düýbünden unudýar, özüne berlen zadyň gadyryny bilmeýär. Oýnuň umumy manysy sadadan düşnükli: durmuşda iň möhüm zat baýlyk däl. Eliňde bar zadyň gadyryny bilmeli we has köpe kowalaşmaly däl.
Wahtanowyň režissýorlyk mekdebiniň ýoluny ýöredýän Guwanç Baýmedow oýny şertli teatr tärinde döretdi. Tutuş sahna bezegi tomaşaçylaryň durmuşy jähetlere ünsüni sowmazlyklary üçin, gysgadan anyk ýerine ýetirilien. Sahnada aýlaw goýlupdyr, hut şol aýlawda-da teatr hereketleri ýaýbaňlanýar. Maýyşgak ýüpler baş gahrymanyň öýüni aňladýar, gahrymanlar dawalaşanda bolsa, tanaplar haç görnüşinde dartylýarlar.
Durna gyz häli-şindi sahnada uçýan ýeleklerini ýitirýär. Ýelegiň şunuň ýaly täsirli ýeňilliginiň aňyrsynda agyr pidakärlik ýatyr, bu bolsa dramatik gutaryşa sebäp bolýar.