Türkmenistan ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek üçin täze hödürnamalary taýýarlaýar

19:1229.01.2022
1
5288

29-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryny beýan etmek bilen, bu Gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap geçdi.

Şu günki mejlisiň gün tertibiniň mazmuny örän baý boldy. Häzirki meselelere, şeýle-de geljek döwür üçin meýilnamalara garaldy. Bu ugurda şu ýyl Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň, şeýle-de ýurduň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021 - 2023 ýyllar döwri üçin, Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021 – 2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagynyň derwaýys ähmiýeti bellenilip geçildi.

Şunuň bilen birlikde, Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen alabaýlary ýetişdirmek sungaty ýaly gadymy türkmen sungatlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik tory taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň paýtagtyny «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek üçin hödürnamanyň ýagdaýyna hem seredildi.

Bu ugurda, ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» hem-de «Adam we biosfera» atly Maksatnamalarynyň sanawlaryna girizmek üçin Türkmenistanyň degişli hödürnamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mejlise gatnaşyjylar Gurama bilen bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň has hem giňeldilmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyna hem seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň