Turkmenportal logo
28.01.22
84918491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçiriljek iri çäreleriň sanawyny tassyklady
Berdimuhamedow Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçiriljek iri çäreleriň sanawyny tassyklady

Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.