Soňky habarlar

Arhiw

Kobi Braýanta we onuň gyzyna ýadygärlik heýkeli dikildi

17:3828.01.2022
1
5544

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň Kalabasas şäherinde döwrüniň dünýä meşhur basketbolçysy Kobi Braýanta we onuň gyzynyň hormatyna ýadygärlik heýkeli galdyryldy.

Heýkel basketbolçynyň öz gyzy bilen 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda dikuçarda heläkçilige uçran ýerinde dikildi. “Euronews” habarlar gullugy bolsa geçirilen barlaglarda Sikorsky S-76 şahsy dikuçarynyň basketbolçynyň sport ýaryşyna barýan mahalynda dumanly howa zerarly dag gerşine degip heläkçilige sezewar bolandygyny ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, Milli basketbol assosiasiýasynyň Kobi Braýant özüniň sport ýolunda 20 möwsümi Los Anjelesiň “Leýkers” toparynda geçirip, taryhy netijeleri görkezdi. Ol MBA-da 5 gezek çempionlyk ýeňişini gazanmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň