Arhiw

Gondurasyň Prezidentligine ilkinji gezek zenan saýlandy

14:3628.01.2022
0
729

INTERFAX.RU habarlar gullugy Siomara Kastronyň Gonduras döwletiniň ilkinji baştutany wezipesine kasam kabul edendigini habar berdi.

Kasam kabul edişlik dabarasynda eden çykyşynda täze Prezident sosial deňligi we açyklygy gazanjakdygyny wada berdi, ol şeýle-de ýurtda agyr ykdysady çökgünligiň özüne miras goýlandygyny belläp, döwlet bergisini üzlüşmek babatda elden gelenini etjekdigini nygtady.

Ýeri gelende aýtsak, Kastronyň adamsy Manuel Selaýýa ýurdy 2006-2009-njy ýyllarda dolandyrypdy we döwlet agdarlyşygynyň netijesinde wezipesinden aýrylypdy. Siomara adamsy iş başyndan gidenden soň bu wezipä iki gezek dalaş edipdi.

Salwadoryň ilkinji zenan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna müňlerçe adam gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň