Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

21:0926.01.2022
0
379
Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Şu gün – 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomatlar, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän, her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň gün tertibi bilen bagly pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns bermek bilen, taraplar 2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň