Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Çagalar çeperçilik mekdebinde gobelenleriň sergisi açyldy

12:4526.01.2022
0
3018
Aşgabatdaky Çagalar çeperçilik mekdebinde gobelenleriň sergisi açyldy

Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň haly bölüminiň okuwçylarynyň meýilnamadan daşgary sergisi açyldy. Serginiň beýlekilerden tapawutly tarapy bu ýerde ähli eksponatlaryň köne haly önümlerinden ýerine ýetirilmegi bolup durýar. Onda esasan gobelenlere ähmiýet berlipdir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Sergi mugallym Altynjemal Baýlyýewanyň özüniň şahyrana «Bahara salam!» atly birnäçe gobelen işini görkezmeginden başlandy. Gülälegiň ýokarysynda perwaz urýan kebelekler we güller şeýle bir gowy welin, çagalary diňe ajaýyp zatlary döretmegi öwrenmäge ruhlandyrýar.

Ýaş mugallymyň başlangyjy çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Köne haly önümleri, ölçegi boýunça uly bolmadyk gobelenler we haly önümleri bu ýerdäki çagalara bölünip berildi. Çagalar şol pursatda gobelenleri taýýarlamaga başladylar.

Sergide türkmen halk ertekileriň gahrymanlary bolan Böwenjik, Akpamyk, döwler, düýeler, güller, çagalar, alabaýlar ýaly gobelende taýýarlanan şekiller hem görkezildi.

Altynjemal Baýlyýewanyň Çagalar çeperçilik mekdebine işe başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ol bu ýerde bilim alýan çagalar bilen «dil tapyşyp», olaryň sungata bolan ukyplaryny öwrenmegi başardy. Şeýlelikde tejribeli mugallym Çagalar çeperçilik mekdebiniň halyçylyk bölüminiň okuwçylaryna haly dokamagy, oňa ýerleşdirilýän nagyşlaryň aňladýan manylaryny, şeýle-de gobeleni taýýarlamagy içgin öwredýär. Bu bolsa sungatyň özboluşly dünýäsine gadam basan çagalaryň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň