Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň ilçihanasy Aşgabatda keramika önümleriniň sergisini geçirmekçi

11:4826.01.2022
0
5027
Ýaponiýanyň ilçihanasy Aşgabatda keramika önümleriniň sergisini geçirmekçi

Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy jemgyýetçilik ulgamlaryndaky hasabynda 21-nji fewraldan 13-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ýakisime: Ýeriň metamorfozlary» atly keramika önümleriniň sergisini guramagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Ýakisime keramika önümçiliginiň iň gadymy nusgalarynyň biridir. Ol önümler syrça çaýylmaýar, diňe güýçli gyzdyrylýar. Ot palçygy süzýär, şeýlelikde ol juda owadan we berk bolýar.

Ýaponiýa gaznasy bu syýahatçylyk sergisisi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlaýar we ol ilçihananyň şu ýyl ýubileýe bagyşlanan köp sanly çäreleriniň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň