Top.Mail.Ru

Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary üçin täze jaýlar açylyp ulanmaga berildi

10:4626.01.2022
0
4116

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 25-nji ýanwarda Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Welaýat merkeziniň «Altyn asyr» aýlaw ýolunyň ugrunda beýleki göze gelüwli binalar bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň görküne görk goşan ýaşaýyş jaýyny Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmasy esasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki demir-beton konstruksiýa kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýynyň öýleriniň 16-sy üç otagly, ýene-de şonçasy dört otagly bolup, olaryň hersi özüne mahsus derejede bezelipdir. Içinde ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilen otaglarda ýerleşdirilen hojalyk mebelleridir beýleki enjamlaryň Türkmenistanda öndürilendigini bellemek gerek.

Jaý toýunyň dabarasyny welaýatyň medeniýet, sungat ussatlary, tans we beýleki döredijilik toparlary ýörite taýýarlan gyzykly çykyşlary bilen bezediler. Aýdym-sazly dabara tamamlanandan soň, hormatly ýaşulular, ak saçly mährem eneler we myhmanlar ýaşaýyş jaýyna aýlanyp gördüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň