Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyny belledi

22:1924.01.2022
0
9073

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 24-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine we welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlaryna, Baş prokurora hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine Türkmenistanda ýol gurluşygy boýunça degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň, tehnikalaryň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilendigini we şu döwürde ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň derejesiniň pese gaçandygyny belledi hem-de bu babatda Baş prokuror B.Atdaýewiň degişli ugurda geçirilen seljermeleriň netijeleri baradaky hasabatyny diňledi.

Baş prokuroryň hasabat berşi ýaly, ýol gurluşygyna degişli düzümleriň tehnikalarynyň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilmegi bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan ýol gurluşygy işleriniň derejesiniň pese gaçandygy, degişli tehnikalaryň kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaýandygy, ätiýaçlyk şaýlaryň ýetmezçilik edýändigi ýüze çykaryldy. Bu bolsa ýurdumyzyň çäklerinde ulag ýollaryny talabalaýyk saklamak we täzelerini çekmek işlerine ýaramaz täsirini ýetiripdir.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu işleriň şeýle derejede guralmagynyň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi we degişli ugur boýunça prokuror gözegçiligini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada aýdyp, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyny belledi. Hususan-da, ýol gurluşygynyň, medeni-durmuş maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginleri häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň sebitleriň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Türkmen Lideri döwlet tarapyndan degişli goldawlaryň berilýändigine garamazdan, ýurduň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli alnyp barylýan işleriň derejesiniň pesdigine, ýol gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmeýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hiliniň we depginleriniň pese gaçandygyny belledi. Munuň özi welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň işleri talabalaýyk derejede guramaýandygyny görkezýär diýip, olaryň işine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýol-ulag düzümine degişli işleri bellenilen meýilnama we häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi. Şeýle hem milli Lider Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlaryna bu ugurdaky işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, ykdysady toplum bilen bilelikde degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalaryň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport mekdepleriniňdir desgalarynyň, medeniýet öýleriniň, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda awtomobil ýollarynyň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň