Soňky habarlar

Arhiw

Kim Çen Yn Berdimuhamedowa gutlag ýollady

10:5324.01.2022
0
10776

Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Bu sene mynasybetli Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yn Türkmenistanyň Prezidentine gutlag ýollady. Hatda, hususan-da, şeýle sözler bar:

«Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa!

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Size we Siziň ýurduňyzyň dostlukly halkyna mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn.

Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilmegi ýurtlarymyzyň halklarynyň isleglerine we bähbitlerine laýyk gelýär.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Siziň ýurduňyzyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň