Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi

17:4022.01.2022
0
1125

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan «Diýarym asuda — ýurdum parahat» atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergidäki eserler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, asudalygynyň, dostanalygynyň ajaýyp waspy bolmak bilen ýylyň şygaryny reňkleriň üsti bilen beýan edýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň «Dutar hakda söhbet», Haky Allaberdiýewiň «Halyçylar», Annageldi Kulyýewiň «Änew metjidi», Wladimir Bagdasarýanyň «Hasyl baýramy», Ata Akyýewiň «Türkmenler hakynda aýdym», Stanislaw Babikowyň «Aşgabadyň güýzi», Tamara Kiselýowanyň «Bägülleriň açylşy», «Bagyr üzümçiligi», Ogulgurban Atabalowanyň «Sahylyk» atly nakgaş eserlerinde ýurdumyzyň gözel tebigaty, türkmen döwletiniň ösüşleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik süňňünden eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp sungatyň üsti bilen Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň waspy ýetirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň