Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Şwarsenegger köçe-ýol hadysasyna uçrady

17:2622.01.2022
0
1239

Amerikan aktýory we syýasatçysy Arnold Şwarsenegger köçe-ýol hadysasyna uçrady we çaknyşan ikinji ulagdaky aýalyň şikes alyp, hassahana äkidilmegine sebäp boldy. Bu barada TMZ neşiri habar berdi.

Arnoldyň «Yukon» kysymly awtoulagy gyzyk reňkli Prius bilen çaknyşdy. Onuň ulagy pyrlanmaga başlady we Priusyň üstüne düşdi» diýlip, habarda aýdylýar. Çaknyşygyň güýçli bolandygy we ulaglarda howpsuzlyk ýassyklarynyň işländigi habar berilýär.

Aktýor hiç hili şikes almady, aýaly bolsa hassahana äkitmeli boldy. Ýerli polisiýa gullugy aktýoryň gyzyl yşykda geçendigini aýtdy. «Arnold ulagy dolandyrýarka, sersag, onda hiç hili serhoşlyk alamatlary ýok» diýip, polisiýanyň wekili belledi diýip, CBS teleýaýlymy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň