Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi dörediler

23:4621.01.2022
0
4158

Hökümetiň 21-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýurduň bu ulgamda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan uly üstünliklerini has-da artdyrmak, bu ugurda döredilýän mümkinçilikleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady hem-de täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek bilen birlikde, Garaşsyz Türkmenistanyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge hem gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutany Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna durmuş desgalaryny, hususan-da, lukmançylyk we hyzmat ediş edaralaryny bildirilýän talaplara laýyklykda hem-de arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi arkaly ýerleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada tabşyryk berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň