Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda üç sany bedene guşçulyk toplumy gurulýar

10:4921.01.2022
0
10910

Häzirki wagtda Türkmenistanda bedene etiniň we ýumurtgasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen üç sany guşçulyk toplumy gurulýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, bu guşçulyk toplumlarynyň gurluşygy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Bedene guşlugy hojalygy» hojalyk jemgyýeti, Bäherden etrabynda hususy telekeçi K.Aşyrow we Mary welaýatynyň Mary etrabynda «Jennet guşy» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde 6 sany sülgün öndüriji guşçulyk toplumy kärende esasynda işleýär: 4-si Ahal welaýatynda – Gökdepe we Ak bugdaý etraplarynda, 2-si bolsa Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bulardan başga-da, Ahal welaýatynyň Gäwürs etrabynda kiçi hususy guşçulyk hojalyklary bar.

Ýurdumyzyň gündogar sebitindäki «Atamyrat Aly» guşçulyk hojalygynyň eýesi – hususy telekeçi Ahmet Alyýew guşçulyk işewürligi barada şeýle belledi:

«Men alty ýyl mundan ozal bedene ösdürip ýetişdirip başladym, Eýrandan kürk bedene getirdim. Häzirki wagtda guşlaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýärin. Bu işimiň çäginde men bedene jüýjelerini özbaşdak ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrendim. Guşlara ýagtylyk we ýylylyk, dürli iýmit, rahatlygy üçin amatly we giň kapasa gerek. Senagat tohumlarynyň arasynda bedenäniň ýapon bedenesi (японский перепел), mermer bedenesi (мраморны), faraon bedenesi, Tehasyň ak bedenesi (техасский белый) we beýleki görnüşleri bar. Mançur bedenesiniň (маньчжурский перепел) ýumşak etiniň we ýumurtgasynyň düzümi ynsan saglygy üçin ýaramly bolan peýdaly maddalara örän baýdyr. Häzirki wagtda bedenäniň haýsy tohumynyň biziň howa şertlerimize laýykdygyny bilmek örän kyn. Şonuň üçin häzirlikçe, bedenäniň hemme görnüşini saklap synagdan geçirip görýäris».

Bu guşçylyk hojalygynda bedenelerden başga-da, synag hökmünde eldekileşdirilen sülgünleri saklanýar. Guşçulyk işewürligi bilen meşgullanmazdan ozal, uzak wagtlap degişli edebiýatlary okap, bu işiň inçe tilsimlerini öwrenmeli, bedene awçylary we bu ugur boýunça öz işine ezber, tejribeli hünärmenler bilen maslahatlaşmaly.

Ahmet guşçulyk işewürligi bilen meşgulanjak bolýan telekeçilere ilki bilen döwrebap tehnologiýany öwrenmegi, bu ugur boýunça ozaldan iş alyp barýan telekeçileriň iş tejribesi bilen tanyşmagy, şeýle hem işe jüýjeleri – ownuk sürini saklamaga synanyşyk edip başlamagy maslahat berýär.

Bedene ýumurtgalary diňe bir belokyň baý çeşmesi bolman, eýsem minerallaryň we witaminleriň köp mukdaryny hem öz içine alýar. Towuk ýumurtgasy bilen deňeşdirilende, beden ýumurtgasynda B1 we B2 witaminleri birnäçe esse köp, düzüminde demir, fosfor, selen we beýleki peýdaly mikroelementler (микроэлементы – haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň synalarynda ýerleşýän az mukdardaky himiki elementler) bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň