Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň elektrik energiýasy Özbegistanyň we Eýranyň üsti bilen üçünji döwletlere hem iberiler

22:3820.01.2022
0
10239

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren maslahatynda “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” kabul edilmeginiň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga we elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berendigini aýtdy.

Şeýle hem içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmaga, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we ugurlaryny artdyrmaga amatly şertler döredildi.

Konsepsiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzirki döwürde welaýatlarymyzyň hersinde iki-üç sany elektrik stansiýasynyň hereket edýändigini aýdyp, döwlet Baştutany onuň sebitleriň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, pudagyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşularymyz bolan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana, Özbegistan hem-de Gyrgyz Respublikalaryna iberilýär. Şonuň ýaly-da, ony Özbegistanyň hem-de Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara-da ibermegiň mümkinçiligi uly bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär.

Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen bagly, geljekde bu elektrik stansiýasyny-da ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal — Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça gurulýan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşine batly itergi berjek ygtybarly energiýa çeşmeleriniň ýene-de biriniň dörediljekdigine ünsi çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýurdumyzda döredilýän halkalaýyn energoulgamyň Ahal — Balkan böleginiň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetli waka öwrülendigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň