Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň demirgazyk künjegindäki hususy guşçulyk toplumyna baryp gördi

23:4020.01.2022
0
10965

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp gördi.

Bu ýerde türkmen Liderini «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy we hünärmenleri mähirli garşyladylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen salamlaşyp, hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde öndürilýän önümler we olaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Bu ýerde «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ö.Sopyýew döwlet Baştutanyna alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda hojalyk jemgyýetiniň agzybir toparynyň sazlaşykly işi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu hojalykda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär.

Döwlet Baştutany telekeçiniň alyp barýan işi, maşgala durmuşy hem-de bu ýerde saklanylýan guşlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ö.Sopyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde saklanýan bedeneler barada ilkinji gezek habar bermek mümkinçiligine eýe bolandygyna örän şatdygyny belledi.

Döwlet Baştutany bu ýerde jüýjeleriň saklanyş usullary, olaryň näçe wagtda ýetişýändikleri hem-de guşlaryň ot-iýminiň taýýarlanylyşy bilen gyzyklandy.

Telekeçi guşçulyk toplumynda ýylyň dowamynda alty tapgyrda 210 müň jüýjäniň çykarylýandygyny, bir tapgyrda 35 müň jüýje goýberilip, olaryň 45 günde ýetişýändiklerini habar berdi. Hind towugynyň mäkiýany 120 günde, horazy bolsa 150 günde ýetişýär. Şonda mäkiýanyň agramy 8 — 10 kilograma, horazyň agramy bolsa 14 kilograma ýetýär.

Türkmen Lideri taýýarlanylan towuk etleriniň gaplanylyşy, olaryň göze gelüwliligi hem-de önümleriň nyşany bilen gyzyklandy.

Bellenilişi ýaly, taýýar bolan towuk etleri ýörite gaplara gaplanylýar, olaryň «Mahmal» atly nyşany bar. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa ýokumly towuk etleriniň ýumşakdygyny hem-de adam bedeni üçin peýdalydygyny aňladýar diýip, telekeçi gürrüň berdi.

Hojalyk jemgyýetine ot-iým ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar ýer bölünip berlipdir. Şonuň 20 gektarynda mekgejöwen, 15 gektarynda jöwen, 5 gektarynda arpa, 10 gektarynda bolsa ýorunja ösdürip ýetişdirýärler. Mundan başga-da, işewür toplumyň soýumhana bölüminiň bir sagatda 800 towugy et görnüşinde taýýarlamaga mümkinçilik berýän kuwwatynyň bardygy barada aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde işewür toparlaryň möhüm orun eýeleýändigini belläp, telekeçileriň yhlasly tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň ýylyň tutuş dowamynda ter gök önümler, etiň dürli görnüşleri we ýumurtga bilen üpjün edilýändigini aýtdy. Oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçiler içerki bazarlarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda maldarçylyk hem-de guşçulyk önümleriniň, ýumurtganyň bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalary edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu telekeçileriň guşçulyk bilen meşgullanyp, halkymyz üçin bähbitli iş edýändigini, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi.

Telekeçiler döwlet Baştutanyna Şa gadamynyň bu ýere düşmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny bellediler we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde dessan aýdyp bermekçidiklerini nygtadylar.

Hünärmeniň ýerine ýetiren dessany Türkmenistanyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine ägirt uly işleri alyp barýan türkmen Liderine bildirilýän hoşallyk bolup ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň