Soňky habarlar

Arhiw

Merkel BMG-de işlemek barada teklipden ýüz öwürdi

22:5220.01.2022
0
510

Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterrişiň bu halkara guramada işlemek baradaky teklibinden ýüz öwürdi.

Bu barada çarşenbede DPA habarlar gullugy habar berdi.

Ýagny Merkel Milletler Bileleşiginiň ýolbaşçysy bilen geçen hepdede telefon arkaly gepleşikde oňa bu teklibi üçin minnetdarlyk bildirip, ýüz öwürýändigini habar beripdir.

Öň Guterrişiň Merkele ählumumy jemgyýetçilik bähbitleri meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat beriş edarasyna başlyklyk etmegi teklip edendigi habar berlipdi. Ol edara Guterrişiň ikinji möhletdäki wezipesinde BMG-ni özgerdip guramak boýunça esasy taslamalarynyň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň