Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

20:0420.01.2022
0
10564

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkme-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek ýaly möhüm meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, özara söwda dolanyşygynyň artmagyna, senagat, energetika, oba hojalygy we suw dolandyryşy, şeýle-de ulag pudagynda alnyp barylýan işleriň geriminiň barha giňeýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Döwlet Baştutanlary soňky hökümetara gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, iki doganlyk ýurduň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň düýpgöter giňelmeginiň möhümdigini aýtdylar.

Söhbetdeşler sebitara gün tertibinde we halkara meselerinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň we iri forumlaryň tertibine hem üns çekildi.

Telefon söhbetdeşligi dostluk, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň