Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow ACA bilen şertnama täzelemezliginiň sebäbini düşündirdi

11:5320.01.2022
0
21619

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordan alýan pulunyň mukdary barada maglumat berdi.

«Karate» neşiriniň ýazmagyna görä, ol Bellator bilen has özüne çekiji teklip üçin şertnama baglaşdy.

«Tölenýän hak örän gowy. Häzirki wagtda maňa her tutluşyk üçin 70 müň dollar tölenýändigini gizlejek däl. Ony gizlemek nämä gerek? Bu barada Internetde hem aç-açan ýazyldy. Eger ACA şunça tölän bolsa, men onda hem galyp bilerdim».

Döwletjan Ýagşymyradowyň ilki ASB-niň, soňra ACA-nyň çempiony bolandygyny ýatladýarys.

Ol 2020-nji ýylda Bellator bilen şertnama baglaşdy we 2021-nji ýyldaky tutluşyklaryny bu ligada geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň