Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky suw howdanynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy 2028-nji ýylda tamamlanar

15:2019.01.2022
0
1228

«Başhowdangurluşyk» önümçilik dolanyşygy «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyny 2028-nji ýylda tamamlap, howdana jemi 3,85 milliard kub metr suwuň ýygnanmagyny gazanmagy maksat edinýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Onuň 1-nji nobatdakysynyň gurluşygy 2015-nji ýylda tamamlanyp, howdana 2,2 milliard kub metr suw toplandy. Netijede, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin zerur bolan gor emele geldi. Emma her ýylda bu welaýatlarda müňlerçe gektar täze ýerleriň-de özleşdirilýändigini nazara alsaň, ýene-de suw goruny artdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Mundan ötri eýýäm 2006-njy ýyldan başlap, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» diýlip atlandyrylyp başlanan bu suw howdanynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna badalga berilýär. Onuň suw sygymy 1,65 milliard kub metre barabar bolar. Şeýlelikde, bu howdanyň suwy umumylykda 3,85 milliard kub metre ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň