Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Fossil» kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

20:4118.01.2022
0
562

«Fossil» kompaniýasy «Razer X Fossil Gen 6» we «Skagen Falster Gen 6» atly täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada «smartchasy.com» web sahypasy habar berdi.

«Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlary «Wear OS 3» operasion ulgamy bilen utgaşykly işleýän «Qualcomm Snapdragon Wear 4100+» bir kristally ulgamyň esasynda gurlar. Sagatlaryň iki görnüşi hem 1 Gb wagtlaýyn we 8 Gb fleş ýat aldy. Goşar kemeriniň üç görnüşi bolup, olar «Skagen»-iň meşhur poslamaýan poladyndan, silikondan we deriden ýasalandyr. Bu barada «GSM Arena« habar berýär.

«Skagen Falster Gen 6» akylly sagadynyň korpusy 42 mm bolup, ol gara, gülgüne, altynsow, kümüşsöw reňklerdedir.

«Skagen Falster Gen 6»-nyň ekrany 1.28 dýuýme barabardyr. Öz mümkinçilikleri boýunça bu sagat «Razer X Fossil Gen 6» akylly sagadyna çalymdaş gelýär, ýagny bu sagat ýürek urgusyny ýazmaga, gandaky kislorodyň derejesini ölçemäge, gelýän jaňlara jogap bermäge we başga-da şuňa meňzeş mümkinçiliklere eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň