Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky Mollagara köli reňkini üýtgetdi

17:1218.01.2022
0
48152

Türkmenistandaky Mollagara köli reňkini üýtgedip, goýy goňur reňke öwrüldi. Bu barada Mir-24 habar berýär.

Metamorfozlar emeli reňk berijiler sebäpli bolup geçdi. Möwsümleriň çalyşmagy bilen köl suwunyň himiki düzümi üýtgeýär, şol sebäpli hem bu bejeriş kölüniň reňki üýtgeýär.

Türkmenbaşy şäherinden 134 km uzaklykda ýerleşýän Mollagara şypahanasy özboluşly bejeriş ähmiýetli şypahana bolmak bilen, onda palçykly, şeýle-de şor suwly bejergi hyzmatlary amala aşyrylýar. Kölüň suwy güýçli minerallaşan, palçygy bolsa natriý hloridiniň, kalsiý hloridiniň, magniniň we bromyň uly möçberlerini saklaýar. 120 ýyldan gowrak wagt bäri bu ýerde beden hereketleriniň, gan damarlarynyň, bogunlaryň, iýmit siňdiriş ulgamynyň, nerw ulgamynyň, şeýle-de birnäçe keseller bejerilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň