Soňky habarlar

Arhiw

Tongada suwasty ýanardag atyldy

19:0516.01.2022
0
4062

Düýn Tonga ada korollygynda Hunga-Haapaý atly suwasty ýanardagy atylyp, birgiden heläkçiliklere getirdi. Ýerli ilat güýçli ýer titremäni duýandyklaryny gürrüň berýär. Ýarym gark edilen we kenara zyňylan gämilerdir gaýyklar—suwasty ýanardagyň çogmasynyň netijeleri. Beýikligi bir metrdenem geçýän tolkunlar patyşalygyň paýtagty ýerleşýän Tongatapu adasyna aralaşdy, bu ýerde Korolyň köşgüni suw aldy. Tebigy hadysanyň netijelerini heniz ölçär ýaly däl, sebäbi adalarda aragatnaşyk henizem ýaramazlygyna galýar. Korollyga kömek etmegi Täze Zelandiýa öz üstüne aldy.

Bu ýerde bolan ägirt uly ýanardagyň suw astyndan çogmasyny ýapon emeli hemrasy hasaba aldy, waka Nukualofydan 60 kilometrlikde boldy. Netijede emele gelen äpet tolkunlar Ýaponiýa, ABŞ-nyň we Kanadanyň Ýuwaş umman kenarlaryna hem ýetdi. Ýigrimidenem köp gämä zeper ýetendigi habar berilýär. Ýaponlaryň müňlerçesi öýlerini terk etdiler. Peruda ýanardag atylmasy netijesinde emele gelen deňiz sunamisinden halas bolmak üçin adamlaryň belentliklere gaçýandygy habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň