Türkmenistanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda bu ýoluň Aşgabat ― Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki günlerde Tejen ― Mary we Mary ― Türkmenabat böleklerinde gurluşyk işleri ýokary depgin bilen dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda ýoluň bu böleginiň gurluşygyny «Ata Melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar. Şu güne çenli 125 kilometrlik ýoluň 112 kilometrinde ýer işleri doly tamamlandy. 21 kilometr 775 metrlik böleginde bolsa çagyl garyndysynyň birinji gatyny düşemek işleri tamamlandy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetinde habar berilýär.
Häzirki düşelýän gat S-3 diýlip atlandyrylýar. Şundan soň S-3 garyndysynyň ýene bir gaty, soňra S-5 we S-7 gatlary düşeler. Her gatyň galyňlygy hem 20 santimetrden geçýär. Çagyl garyndyly gatlary düşemek işi tamamlanandan soň, 5, 7 we 10 santimetrden üç gat asfalt düşeler.
Aşgabatdan Türkmenabada çenli uzajak ýoly dolulygyna 2023-nji ýylyň dekabr aýyna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.