Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

23:4014.01.2022
0
988

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Has takygy, mejlisiň dowamynda aşakdaky meselelere seredildi:

― ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler;

― Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini ýokary derejede guramak boýunça işler alnyp barylýar, umumymilli forumy geçirmek boýunça degişli resminamalar;

― Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň üç sany gämigurluşyk taslamalaryny daşary ýurt karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meseleleri;

― “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bu kompaniýanyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek baradaky teklipler;

― ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

― ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri we ýaz ekişine taýýarlyk;

― ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler;

― azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de onuň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler;

― 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça geçiriljek çäreleriň Maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy;

― şu ýylyň 26 — 28-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri;

― Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler;

― Tokioda geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda toplanan tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler;

― DIM tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de şunuň bilen baglylykda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy;

― ýurdumyzyň serhet-geçiriş nokatlarynda koronawirus ýokanjyna garşy öňüni alyş-zyýansyzlandyryş çäreleriniň geçirilişi;

― Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna goşulmak boýunça geçirilýän işler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň