Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

04:1715.01.2022
0
8854

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, gözegçi-synagçy-kosmonawt, kosmos işleri boýunça «Roskosmos» Döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady. Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

«Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň parahatçylyk, ylalaşyk hem-de geljege berk ynam bilen gadam basan täze, 2022-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygarynyň yglan edilmegi ýurduň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, türkmen halkynyň özüniň ykrar edilen Lideriniň baştutanlygynda döredijilikli döwlet gurluşynda täze ýeňişlere we üstünliklere tarap öňe gitmäge, Türkmenistanyň halkara abraýynyň berkidilmegine, Siziň täze ýylda öňde goýan ähli maksatlaryňyzyň hem-de wezipeleriňiziň ýerine ýetirilmegine berk ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi.

Siz bilen duşuşyklarymyz mende aýratyn ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Bu duşuşyklar meniň üçin hemişe ynsanperwerligiň, parasatlylygyň, öňdengörüjiligiň, strategik döwlet taglymatynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Şu täze ýylda hem Siz bilen duşuşyga umyt edýärin, abadan Watanyma — Türkmenistana ýene-de baryp görmäge şat bolaryn.

2022-nji ýylda Size, Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, köp şatlykly pursatlary hem-de üstünlikleri, watandaşlaryma — türkmenistanlylara bolsa asuda asman, abadançylyk, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda täze uly rowaçlyklary arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň