Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen Lideri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden dikuçarda Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Uzynada meýdançasyna baryp, bu ýerde ýangyç-energetika toplumynda ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady.
Bu ýerde türkmen Liderine Hazar deňziniň kenarýakasynda ýerleşýän nebitgaz känleri, olaryň önümçilik mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar görkezildi. Degişli ýolbaşçylar bu ýerdäki ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Türkmen Lideri nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, onuň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany ýakyn geljekde sebitiň nebitgaz känlerini toplumlaýyn özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokarlandyrmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly iş maslahatyny geçirdi.