Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar sebitinde et önümçiligi ösdürilýär

22:5913.01.2022
0
29209

Lebap welaýatynyň telekeçileri 2021-nji ýylda 323 tonnadan gowrak et önümlerini öndürdiler, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan iki esse köpdür. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” web saýty habar berýär.

Diňe dekabr aýynda öndürilen etiň mukdary 42 tonnadan gowrak boldy. Şeýlelikde, sebitiň ýaşaýjylaryna Täze ýyl baýramçylygy üçin ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa et önümleri ýetirildi.

Bu ugurda aýratyn-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary — 8,55 tonna et önümleri bilen üpjün eden “Medetkär” daýhan birleşigi, şeýle hem degişlilikde 21 tonna hem-de 13 tonna et öndüren Soltan Genjiýewiň we Jemşit Temorowyň hususy hojalyklary tapawutlandylar.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň maldarlarynyň gazanan üstünlikleri döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, ösen tehnologiýalaryň we ylmy ösüşleriň pudaga ornaşdyrylmagynyň netijesidir - diýlip çeşmede bellenilýär.

2021-nji ýylda telekeçileriň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 100-e golaý maldarçylyk hojalygyny hususylaşdyrandygyny ýatlap geçmek bolar. Mundan başga-da, TSTB-e agza maldarlara ot-iým öndürmek üçin 33144 gektardan gowrak ýer bölünip berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň