Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň içeri işler ministrine täze orunbasar bellenildi

23:1512.01.2022
0
26807
Türkmenistanyň içeri işler ministrine täze orunbasar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewiç Babagulyýew Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä polisiýanyň maýory Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem milletiň Lideri polisiýanyň maýory Merdan Tejenmyradowiç Muhammetmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň