Türkmenistanda okuw ýylynyň ikinji ýarymyna taýýarlyk görülýär

23:4910.01.2022
0
12812

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň ikinji ýarymy başlanar. 2022-nji ýyldaky ilkinji iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hem-de bilim ministri G.Ataýewa döwlet Baştutanyna okuw ýylynyň ikinji ýarymyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Ilki bilen bilim ministri häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen mekdepleriň taýýarlyk derejesi, şeýle hem bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ähli etraplarynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe mekdep mugallymlary üçin amaly-okuw maslahatlary guralyp, olarda okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde bilim edaralarynda we çagalar baglarynda alnyp barylýan işleriň täzeçil usulda ýola goýulmalydygyny, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, mekdep okuwçylarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan täzeçil usullaryň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Wise-premýer S.Toýlyýew häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda okuw mekdepleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany wise-premýere hem-de ministre ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň derejesiniň we hiliniň talabalaýyk bolmalydygyny, bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň, dünýä nusgalyk däp-dessurlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň