Eýranyň telewideniýesi YHG-niň Aşgabatda geçen sammitine bagyşlanan dokumental filmi görkezdi

17:4510.01.2022
1
11515

Eýranyň IRIB TV3 milli teleýaýlymynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine bagyşlanan “Hoşniýetli ýurda syýahat” atly täze dokumental film görkezildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Filmde şeýle hem prezident Ibrahim Raisiniň baştutanlygyndaky eýran wekiliýetiniň sammitine gatnaşmagy barada gürrüň berilýär.

Çeşmäniň habar berşi ýaly, sammiti giňden ýaýbaňlandyrmak üçin türkmen paýtagtyna Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda “Hoşniýetli ýurda syýahat” filminiň awtory we esasy operatory, eýranly ýaş režissýor-dokumentalist Mohsen Eslamzade hem geldi.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki taryhyny gysgaça beýan eden bu filmde türkmenleriň myhmansöýerligi barada hem bellenilýär.

Bu film üçin Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, medeniýet boýunça maslahatçy we Eýranyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Nawid Rasuli, Eýranyň “Bank Saderat Iran” bankynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň müdiri Soruş Hasani, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari, şeýle hem pars dilinden sapak berýän ýerli türkmen mugallymlary we Eýranyň ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň okuwçylary interwýulary berdiler.

Awtor öz filminde Türkmenistanyň we Eýranyň halklarynyň taryhda, däp-dessurlar we medeniýet babatda köp sanly umumylygynyň bardygy, munuň bolsa iki dostlukly halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrýandygy baradaky pikiri beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň