Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň feýr-pleý baýragynyň eýesi ― «Ahal»

14:1410.01.2022
0
4709

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçen ýylyň netijeleri boýunça goýlan «Arassa oýun üçin» baýragyna «Ahal» futbol topary mynasyp boldy.

Bu baýragyň berilmegi geçen futbol möwsüminde toparyň oýunçylarynyň eminlerden duýduryş kartlaryny beýleki bäsdeşlerine garanyňda az alandygyny, arassa, dostlukly oýny orta goýandygyny görkezýär.

Geçen ýyl «Ahalyň» Türkmenistanyň futbol çempionatynda kümüş medala mynasyp bolandygyny we Kubok ýaryşynda finala çenli baryp ýetendigini ýatladýarys. «Ahal» şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýurdumyza wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň